26-njy
oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow hormatly
Prezidentimize 14-15-nji noýabrda «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Habar berlişi
ýaly, 30 ýurtdan kompaniýalaryň 120-si kompýuter we interaktiw tehnikasyny,
lingafon hem-de barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme
esbaplaryny öndürijiler, okuw programma üpjünçiligini, sport lybaslaryny we esbaplaryny
işläp taýýarlaýjylar foruma gatnaşjakdyklaryny tassykladylar. Türkmenistana
ýokary okuw mekdepleri, bilim we sport guramalary, bu ugra degişli hususy
kärhanalar wekilçilik eder.
Ylmy maslahata
daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary
gatnaşarlar. Şeýle hem duşuşyklary we tanyşdyryş çärelerini guramak, bilim
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen resminamalara gol
çekmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer
ylmy maslahatyň maksatnamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Maslahatyň bölümleri sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilimiň eýeleýän ornuna,
ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň innowasion binýadynyň kemala getirilişine,
bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryna, bedenterbiýe-sport meselesine
bagyşlanar. Bölümçeleriň mejlisleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersetitinde, Telekommunikasiýalar we informatika institutynda, Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetinde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda
geçiriler.