15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça ilkinji duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça ilkinji duşuşyk geçirildi
10.07.2020 132 Habarlar

9-njy iýulda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar “Türkmenistanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmagyň global tendensiýalary we mümkinçilikleri”, “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň ýollary”, “Önümçilige energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasyndaky ylmy taslamalary girizmek”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin halkara tejribäniň ulanylmagy” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.