milli goshun logo
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
20.07.2019 374 Habarlar

19-njy iýulda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň XXIX mejlisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň şu ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.

Foruma Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň degişli edaralarynyň hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ylmy-kliniki merkezleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

GDA-nyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny, süýji keseliniň öňüni almagyň we bejermegiň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny hem-de inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça Geňeşiň ýokary edaralarynyň çözgütleriniň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşmak şu günki çäräniň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine 2020 — 2021-nji ýyllarda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ilatynyň saglygy» strategiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de psihiatriýa we narkologiýa ulgamynda esasy guramanyň işi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.