Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla
oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen
mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba
hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla
meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň
Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler.
Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşular.
Şu ýyl
ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne
ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda
380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna. Daşoguz welaýatynda 300 müň
tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla
meýdanlarynda bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten — 1», «Ýolöten —
3», «Türkmenbaşy — 1», «Gyzylşaglawuk — 25», «Miras», «Akbaş», «Hasylly»
(Batko) we «Watan» (Wassa) ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Ýurdumyz boýunça 2019-njy ýylyň galla oragy
möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly ýokary
öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müňe golaýy işlediler. Işler iki
çalşykda gije-gündiz esasda alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň
bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.