milli goshun logo
Türkmenistanda deňizde ýüzüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda deňizde ýüzüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
30.01.2020 976 Habarlar

29-njy ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, bu çäre Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan guralyp, oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Üç günlük gepleşikleriň şu tapgyrynyň barşynda bilermenler esasan, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde Halkara deňiz guramasynyň (International Maritime Organization, IMO) esasy konwensiýalaryny hem-de teswirnamalaryny ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri giňden ara alyp maslahatlaşdylar.

Pikir alyşmalaryň çäklerinde wekiliýetleriň agzalary ady agzalan resminamalary Hazar deňziniň aýratyn hukuk derejesine laýyk getirmek üçin pikirlerini aýtdylar hem-de bu babatda anyk tekliplerini beýan etdiler.