20-nji noýabrda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Çaganyň huhuklary hakyndaky
Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli çäre
geçirildi.
Bu çärä
UNICEF-yň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, Türkmenistanyň Bilim
ministri M.Geldinyýazow, UNICEF-yň hünärmenleri, DÖM-nyň ýaş ilçileri,
ýurdumyzda akkreditirlenen beýleki halkara guramalaryň we diplomatik
wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň
hususy ulgamynyň hem-de KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bilim ministri we UNICEF-yň
Türkmenistandaky wekili giriş sözleri bilen çykyş etdiler we çykyşlarynyň
dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça
gürrüň bermek bilen, Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň
kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň
berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi.
Çäräniň
barşynda Konwensiýanyň kabul edilen pursadyndan bäri beýleki ýurtlaryň
tejribesi barada, halkara guramalaryň we KHBS-niň çagalaryň huhuklarynyň
kämilleşdirilmeginde, çagalaryň hukuklary we bu ugurda işleri alyp barmaklygy
hem-de hususyýetçiligiň sosial jogapkärçiligi barada aýdyldy. DÖM-nyň ýaş
ilçileri «Biziň çagalarymyz we ýaşlarymyz üçin isleýän Dünýämiz» atly tema
boýunça çykyş etdiler.
Şeýle-de,
çäräniň dowamynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli
baýramçylyk çäreleri hem-de Türkmenistandaky çagalaryň arzuwlary we maksatlary
şöhlelendirilen wideo-maglumatlary görkezildi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanda we bütin dünýäde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany girizmegiň netijeleri hem-de ähli ýerlerde çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegini goldamak barada aýdyldy we UNICEF-yň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar.