milli goshun logo
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
04.06.2020 902 Habarlar

Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy. Ir säher bilen paýtagtymyzyň müňlerçe ilaty welosipedde Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyna ýygnandy. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň başlanýan ýerine hormatly Prezidentimiz geldi. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Welosiped» binasyny açdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Bütindünýä welosiped güni hem-de paýtagtymyzda «Welosiped» binasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi we hataryň öňüni başlady. Ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümleriniň agzalary we ähli baýramçylyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýola düşdüler. Welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş edip, bu çäräniň joşgunyny has-da belende göterdiler.

Welosipedçilerden başga-da ýörişe welorikşalar gatnaşdy, olarda belli medeniýet işgärleri, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň belli wekilleri bu ýere geldiler. Umuman, paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe 7 müň 400 adam gatnaşdy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem ýaýbaňlandyryldy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem goşuldylar. Olar tutuş dünýäde welosipedli ýörişleriň geçirilmegini guradylar. Bu çärä welosport boýunça milli federasiýalar, dürli ýurtlaryň sportuň bu görnüşini höwesekler işjeň gatnaşdylar.

Aşgabatda guralan sport çäreleri Olimpiýa şäherjiginde dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişiň esasy tapgyryna gatnaşan agtygy Kerim bilen we baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň ählisi bu ýere geldiler. Sport toplumlarynda köpçülikleýin bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirildi we sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy.