7-nji aprelda
Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi.
Şanly sene mynasybetli sport, bedenterbiýe-sagaldyş we beýleki çäreler
geçirildi. Irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen
didarlaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine baryp gördi.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyratym atly bedew bilen didarlaşyp,
türgenleşik üçin ony maneže alyp çykdy. Gyratym dürli buýruklary taýýarlyk
bilen ýerine ýetirip, görkezilen her bir yşaraty duýgurlyk bilen kabul etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke
atçylyk toplumyndan çykyp, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine gelip, bu ýerdäki
welosiped ýodasynda ogly Serdar Berdimuhamedow bilen welosipedli ýöriş etdiler.
Olimpiýa
şäherjiginiň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet
agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin
bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.
Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Olar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.