7-nji aprelde Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamlary birleşdirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki, saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyňileri tutulýan ugurlarynyň biridir.