21-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Samir Welajiçden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli
wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly
gatnaşyklaryň ösdürilmeginde üstünlikler arzuw etdi.
Ilçi hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bosniýa we Gersegowinanyň
ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirip, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi hem-de öz tarapyndan oňyn döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda diplomat Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipeleri, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de adamlaryň abadan durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet strategiýasyna aýratyn üns berildi.