20-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz»
myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite
maksatnamasynyň forumynyň açylyşy boldy. «Özara baglanyşyk: SPEKA-nyň kiçi
sebitinde söwda we ulag işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» mowzugy
forumyň esasy meselesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Ýewropa
Ykdysady komissiýasy hem-de ESKATO bilen bilelikde guramagynda geçirilen
duşuşyga abraýly guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň
bölümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, SPEKA agza döwletleriň
wekiliýetleri, halkara sebitleýin we kiçi sebitleýin düzümleriň, iri maliýe
institutlarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar forumyň gün tertibine girizilen
meseleler boýunça guralan pikir alyşmalaryň çäklerinde has netijeli ulag
geçelgelerini üpjün etmek, içerki, üstaşyr, eksport-import gatnaşyklarynda
ahyrky netijäniň bahasynyň ulaga degişli bölegini peseltmek boýunça zerur
işleriň alnyp barylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, intermodal
gatnawlaryň ulag-logistik merkezini döretmegiň bu strategiýany durmuşa
geçirmegiň anyk netijesidigi bellenildi.
Günüň ikinji ýarymynda ulag we üstaşyr ugurlaryna, SPEKA-nyň sebitinde söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda bu ýere ýygnananlar bilelikdäki işiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin oňyn şerti döretjekdigine ynam bildirdiler. Adamlaryň, kärhanalaryň, önümçilik ulgamlarynyň, kadalaşdyryjy guramalaryň, maglumat ulgamlarynyň, logistikanyň, söwda-ulag düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary üpjün etmek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajypdygy baradaky pikire geldiler.