Alty aýyň jemlerine
bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça
döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde
habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet toparyna
2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa
kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen
tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.
Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag
şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur
şertleri döretmäge borçly edildi.
Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol
çeken ýene bir Buýrugyna laýyklykda:
2025-nji ýylda Türkmenistanyň
ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa
kabul etmegiň meýilnamasy;
2025-nji ýylda Türkmenistanyň
orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň ýokary we orta
hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 25-nji
awgusty aralygynda guramak;
okuwa kabul etmek boýunça giriş
synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek
bellenildi.