2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Hökümetara okeanografik komissiýasynyň Assambleýasynyň 31-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistan bu komissiýanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.
Ýerine ýetiriji geňeş Assambleýa bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografik komissiýasynyň ýolbaçşy edarasy bolup durýar.
Hökümetara okeanografik komissiýanyň maksady halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden hem-de ylmy barlag we tebigat, umman serişdeleri we kenarýaka sebitler baradaky bilimi giňeltmegiň mümkinçiliklerini berkitmek bilen bagly meýilnamalary utgaşdyrmakdan, şeýle-de bu bilimleri deňiz gurşawyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we ony goramak üçin peýdalanmakdan, durnukly ösüşi üpjün etmekden we agza döwletleriň kararlary kabul etmek işlerini ýeňilleşdirmekden ybarat.