milli goshun logo
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
01.02.2019 800 Habarlar

Şu günler Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen ÝB-niň dürli düzümleriniň uly wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasatyň Ýewropa ugruna ygrarlylygy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatynyň gatnaşýan taraplaryň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän giň möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belleýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň täze tapgyryna garaşylýar. Hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetini açmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn görnüşde hem-de yklymyň esasy iki sebitiniň — ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynyň binýadynda däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bank ulgamyny we hususy bölegini ösdürmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Bu ulgam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ünsi we başlangyçlary netijesinde kuwwatly ösüşe eýe boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Peter Burianyň ýolbaşçylygyndaky ÝB-niň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň barşynda myhmanlar iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň ägirt uly kuwwata eýedigini belläp, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasynda şeýle hem dürli pudaklaýyn ministrliklerde we edaralarda duşuşyklar meýilleşdirildi.