milli goshun logo
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: ekologiýa abadançylygyny nazarlaýan hyzmatdaşlyk
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: ekologiýa abadançylygyny nazarlaýan hyzmatdaşlyk
17.04.2020 600 Habarlar

16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde «Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» atly taslamanyň (WECOOP) sebitleýin ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat geçirildi.

Wideomaslahatyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak boýunça bilelikdäki taslamalar we degişli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olary «ÝB — Merkezi Aziýa: suw serişdeleri, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ugurlarynda hyzmatdaşlyk» taslamasynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde ÝB-niň goldaw bermeginde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

«Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna kadalaşdyryş namalaryny taýýarlamak, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly Türkmenistanyň Tokaý kadastryny taýýarlamak, şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny guramak geçirilen pikir alyşmalaryň özenini düzdi.