18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Nyýazlyýewiň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň başynda sebitiň ýolbaşçysy koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýran döwri Astrahan oblastyna ynsanperwer kömegini ibermek kararyna gelendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Bu päkniýetli kömek Türkmenistan bilen Russiýanyň Astrahan oblastyny baglaşdyrýan hoşmeýilli goňşuçylyk we dostluk ýörelgeleriniň nusgasy boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berildi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri özara söwda dolanşygy ABŞ-nyň 6,9 million dollaryna barabar boldy.
Türkmenistanyň üstünden Demirgazyk-Günorta ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek üçin degerli mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Wolga derýasy bilen Moskwa-Astrahan- Hazarýaka döwletleri ugry boýunça ýük we gezelenç gatnawyny ýola goýmak bu taslamanyň bir bölegidir. Gubernator şeýle hem Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda göni parom gatnawynyň ýola goýulmagynyň möhümdigini nygtady.
I.Babuşkin häzirki wagtda 2021-nji ýylda Moskwada 2-nji Hazar ykdysady forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Astrahanda geçiriljek etnomedeni gatnaşyklara bagyşlanan Hazar mediaforumy bu işiň bir tapgyrydyr.
Taraplar Türkmenistan bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Magtymguly adyndaky orta mekdebiň gurulmagy hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň mysallarynyň biridir. Sebitiň baştutany pursatdan peýdalanyp, bu mekdebe türkmen dili mugallymynyň iberilendigi üçin hoşallyk bildirdi.