21-nji sentýabrda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.
Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda iki döwletiň hem BMG-niň çäklerinde, şol sanda birnäçe gün mundan öň açylan Baş Assambleýanyň maslahatynda ileri tutulýan garaýyşlar hökmünde beýan edilen täze taglymlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltjekdiklerine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyna berk ynam bildirilip, hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde olaryň möhümdigi bellenildi.