17-nji aprelda paýtagtymyzda Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen
gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler
geçirildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk däbe öwrülen döwletara
hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
görnüşde, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen soňky
ýyllarda işjeňleşen gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän
türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna möhüm sahypany ýazar.
Irden Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň
awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Garaşsyzlyk
meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak
dabarasy boldy.
Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni
atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Oguzhan» köşkler toplumyna bardy.
Bu ýerde iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi ýagdaýda surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.