6-njy noýabrda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa
Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soňra hormatly
Prezidentimiziň uçary Fýumiçino Halkara howa menziline gondy. Italiýanyň
paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda, Rimiň günorta-günbatar gapdalynda ýerleşýän
bu iri howa menzili meşhur suratkeş we alym Leonardo da Winçiniň adyny
göterýär.
Uçaryň ýanynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň ýokary
wezipeli wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary
garşyladylar.
Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni
howa menzilinden kaşaň «Rome Cavalieri» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde
döwlet Baştutanymyza saparyň dowamynda bölünip berlen kabulhana ýerleşýär.
7-nji noýabrda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň
Prezidenti Serjio Mattarellanyň we Premýer-ministr Juzeppe Konteniň arasynda
ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler. Şolaryň barşynda döwletara
gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.