16-njy
iýunda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de
Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda
wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.
Duşuşyk
taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga
mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar
boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi.
Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary
giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Maslahatyň
ahyrynda taraplar maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi,
taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygyň beýleki dürli
ugurlaryna seredip geçmäge taýýardygyny bellediler.