Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar. RIA Nowosti diplomatik çeşmä salgylanyp bu barada habar berýär.
Owganystanyň hökümetiniň we «Taliban» hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky ýokary derejeli maslahat 24-nji apelden 4-nji maýa çenli aralykda Stambulda geçer.
Bu duşuşyga ÝB-niň Ýokary wekili, NATO-nyň Baş sekretary we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Baş sekretary gatnaşar.
Şeýle-de BMG-niň resmi wekili Stefan Dýužarrik deslapky gysga maslahatda bu uly syýasy çärä wideogörnüş arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiňem gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.