milli goshun logo
Türkmenistan sebit ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşandyny artdyrýar
Türkmenistan sebit ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşandyny artdyrýar
17.04.2020 882 Habarlar

16-njy aprelde «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Ulag ministrliginiň Demir ýol ulaglary edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Akina — Andhoý demirýol şahasynyň gurluşygy meseleleri hem-de Turgundy — Hyrat demirýolunyň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demirýol şahalarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olara täze logistika ugurlarynyň birikdirilmegi bilen bu demirýol ugurlarynyň halkara ulag geçelgeleri hökmündäki ähmiýetiniň artjakdygyna ynam bildirdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar işleriň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, bu ugurdaky işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyny bellediler.

Maslahatyň dowamynda şeýle hem OYR-nyň çäklerinden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny hem-de demirýol düzümleriniň işlerini netijeli guramak, «Lapis Lazuli» ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.