milli goshun logo
Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy
07.05.2022 1310 Habarlar

6-njy maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görşüp, olaryň saglyk ýagdaýlary, bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.