«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda Mary welaýatynyň Baýramaly
şäherinde polietilen turba we polipropilen turba önümlerini öndürýän önümçilik
kärhanasy, Mary etrabynda bolsa ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini ösdürip
ýetişdirýän döwrebap ýyladyşhana bir wagtda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga
berildi.
Baýramaly şäherinde gurlan «Eşretli kenar» kärhanasy halk hojalygynda,
durmuşda, söwda nokatlarynda gündelik ulanylýan polietilen torba we
polipropilen turba önümlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu täze önümçilik
kärhanasyny «Älemabat HJ-niň» gurluşykçylary ýokary hil derejesinde bina
etdiler. Kärhanada polietilen torbalaryň, ýyladyşhanalar üçin polietilen
örtükleriniň, gurluşyk pudagynyň izolýasiýasynda we dokma pudagynyň önümlerini
gaplamakda giňden ulanylýan polietilen önümleriniň dürli görnüşleriniň ýokary
hilli 20 millimetrden başlap, 60 millimetre çenli bolan göwrümdäki suw geçiriji
polipropilen turbalarynyň önümçiligi amala aşyrylýar. Polietilen we
polipropilen önümlerini öndürmek üçin gerek bolan çig mal Balkan welaýatyndaky
Gyýanly Polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumyndan getirilýär.