Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
“Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan
dabara gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän
Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de tamamlanyp barýan
2018-nji ýylyň ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň täze taryhynyň
möhüm tapgyryna öwrülendigini belledi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň
ýüregi” şygary astynda geçýän bu ýyl ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerini we
ýeten derejesini, halkara giňişlikdäki belent abraýyny alamatlandyrýan şanly
wakalara beslendi.
“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen
geljek, 2019-njy ýyl üçin milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de
berkidilmegine, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, durmuş ulgamynyň okgunly
ösüşine gönükdirilen giň möçberli meýilnamalar we wezipeler kesgitlenildi
diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow bularyň türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli
ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belläp, bu ýere ýygnananlara bagt,
maşgala abadançylygyny we ata Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde
üstünlikleri arzuw etdi.
Bu ýere ýygnananlar öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy
hemmeler tarapyndan söýülýän baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimize berk
jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda egsilmez güýç-kuwwat we
üstünlik arzuw etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ägirt uly tebigy serişdeleriň netijeli
peýdalanylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine,
milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn
maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we
sebitlerde köp sanly medeni-durmuş, önümçilik, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki
maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz
porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polipropilen we polietilen
öndürýän gazhimiýa toplumy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç
alyş merkezli akwapark we şypahana, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili,
Marydaky utgaşykly usulda işleýän bug-gaz elektrik bekedi, Ahal welaýatynda
“Türkmenaýnaönümleri” önümçilik kärhanasy, Serhetabat — Turgundy demir ýoly
hem-de mekdepler, lukmançylyk edaralary, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş
jaýlary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi
ýaly, şu ýylyň dowamynda gurluşygyna badalga berlen iri taslamalaryň hatarynda
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, bu ugur
boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi
bar. Bular ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, sebitiň halklarynyň
abadançylygyna hyzmat eder.
Obasenagat toplumynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik, eksport önümleriniň
mukdaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde, welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhana
hojalyklary açyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul
edilen wajyp çözgütler oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi. Munuň özi ýurdumyzyň
obasenagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik döretdi.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş
şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen
görnüşdäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda, Ahal welaýatynda döwrebap
obalaryň birbada birnäçesiniň Ak bugdaý, Gökdepe we Kaka etraplarynda düýbüni
tutmak dabarasy boldy. Şunuň ýaly möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen
şygary baş ýörelge edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki durmuş
ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň ajaýyp miwesidir.
Umuman, bu işler Türkmenistanyň 2019-njy ýylda ykdysady
taýdan sazlaşykly ösüşi üçin oňyn şertleri döredýär. Munuň şeýledigini dünýäniň
maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy tassyklaýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan
yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry hem anyk netijelerini berýär,
ol hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar we Watanymyzyň halkara derejede
belent abraýyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň möhüm
wezipeleriniň we meseleleriniň deňeçer çözgütleriniň işlenilip
taýýarlanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
hem-de beýleki möhüm maslahatlaryň münberinden öňe süren oňyn başlangyçlary
dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.
2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň
teklibi boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününe
gabatlanyp guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişi, “Amul — Hazar 2018”
halkara awtorallisini we agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezmek
bolar. Bu sport çäreleri ýurdumyzyň dünýäde abraýyny artdyrdy hem-de
bedenterbiýe-sport hereketine kuwwatly itergi berdi.
Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistan — rowaçlygyň
Watany” diýlip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy
bilen yglan edilen 2019-njy ýylyň gelmegi bilen gutlap, geljek ýylda türkmen
halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taglymlarynyň esasynda
has-da jebisleşip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany gülläp ösýän döwlete öwürmek
wezipesi bilen ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
“Mizan” merkezinde geçirilen dabaranyň dowamynda öz joşgunly
çykyşlaryny eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýeten sepgitlerine
bagyşlan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp öwüşginli Täze ýyl tomaşalary
ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine
we milli Liderimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Arzuw”
diýen täze aýdymyň ýerine ýetirilmegi ýygnananlarda aýratyn ýokary
ruhubelentlik döretdi. Häzirki zaman äheňlerinde döredilen bu aýdym üç dilde –
türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýerine ýetirildi hem-de ýakymly heňi,
kalplary tolgundyrýan sözleri bilen ähli diňleýjilerde unudylmajak täsir
galdyrdy, muňa joşgunly el çarpyşmalar hem şaýatlyk etdi.