Türkmenistan raýat
awiasiýasynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Bu pudak soňky döwürde
kuwwatly ösüşe eýe boldy: häzirkizaman howa menzilleri guruldy, olar iň ýokary
dünýä ölçeglerine laýyk gelýär, ýurdumyzyň howa gämileriniň üsti uçarlaryň iň
täze nusgalary bilen doldurylýar.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli awiasiýamyzy ösdürmek boýunça
wezipeleri öňde goýmak bilen, işgärleriň – uçarmanlaryň hem-de hyzmat ediş
gulluklarynyň hünärmenleriniň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üýtgewsiz talap
hökmünde öňe sürýär.
Türkmenistan
raýat awiasiýasy ulgamynda işleri kadalaşdyrýan halkara konwensiýalar boýunça
öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, howa gämileriniň
hem-de howa menzilleriniň howpsuzlygy, uçarmanlaryň hem-de ýerüsti işgärleriň
ýokary taýýarlykly düzümini kemala getirmek boýunça halkara talaplaryny berk
berjaý edýär.
Bu babatda
IKAO – Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy ýaly Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edarasy bolup durýan düzümler bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti
uludyr.
EACA – howa uçuşlarynda howpsuzlyk boýunça Ýewropa agentligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Şeýle hem wekiliýetleri özara alyşmak yzygiderli häsiýete eýe boldy, Türkmenistanyň howa ýollary düzümleriniň wekilleri degişli guramalaryň iri forumlaryna gatnaşýarlar, şol guramalaryň bilermenleri türkmen howa ýollary boýunça ýerine ýetirilýän uçuşlaryň howpsuzlygy babatynda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere, howa menzillerimiziň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berýärler.