15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.
Täze binalar Çandybil şaýolunyň ugrunda guruldy. Bu täsin desgalary gurmak ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän meşhur «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanyldy.
Bu desgalaryň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ulanylmaga berilmeginiň çuň manysy bardyr. Paýtagtymyzyň günorta böleginde gurlan beýleki täze, ajaýyp desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy landşaft bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredýär.