milli goshun logo
Türkmenistan Owganystanyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrýar
Türkmenistan Owganystanyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrýar
26.07.2019 452 Habarlar

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň düzümindäki wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina menzilinde uzynlygy 10 kilometre barabar bolan demir ýol şahasynyň açylyşyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň fewral aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina — Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.