11-nji aprelde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Suw meseleleri
boýunça bilelikdäki türkmen-owgan utgaşdyryjy toparyň nobatdaky mejlisi
geçirildi.
Iki günlük çärä Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, «Garagumderýasuwhojalyk» birleşiginiň, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň suwhojalyk önümçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Owganystanyň wekiliýetiniň düzüminde Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň, daşary syýasat edarasynyň, Şäher ösdüriş we ýer serişdeler ministrliginiň geodeziýa we kartografiýa bölüminiň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri we beýlekiler bar.
Şu gün mejlis öz işini dowam eder, onuň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekiler.