Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik we
rehimdarlyk ýaly mukaddes däp-dessurlaryndan ugur alyp, şeýle hem asylly
ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama
laýyklykda, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden
ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit,
egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi
hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.
Bu günki gün Türkmenistanda kyn günde doganlyk goluny
uzatmak we goldaw bermek däpleri döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary,
hoşniýetli goňşuçylygy berkitmegiň binýady hökmünde mynasyp dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurduň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek
baradaky çözgüdi hem köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere, uly
weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy
goldawdyr, owgan halkyna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.