Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH habar berlişi ýaly, 26-njy martda bu möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri — saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy. Saýlawlara taýýarlyk işleri açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, hereket edýän Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda alnyp baryldy.
Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, jemi 48 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşer, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.