Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ýewropa ugruna ygrarlydygy barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň uly mümkinçilikleriniň ähli gatnaşyjy taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň gerimli halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär diýip belleýär. Wakalar Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem yklymyň esasy sebitleri bolup durýan ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň köpugurly özara gatnaşyklarynyň binýadynda oňa has durnukly häsiýeti bermäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklaýar.
Geçen hepdede Brýusselde bolan duşuşyklar, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, şeýle hem türkmen kanunçykaryjylarynyň wekiliýetiniň Ýewropa parlamentine sapary munuň subutnamasy boldy.
Hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” atly daşary işler ministrleriniň 14-nji duşuşygynyň barşynda şol sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasy, umumy howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek baradaky meselelere seredildi. Owganystany sebite goşmak bilen bagly tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy barada ylalaşyk beýan edildi. Bu tagallalar sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça möhüm wezipeleri toparlaýyn çözmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýanat kabul edildi, onda taraplaryň 27 — 28-nji noýabrda geçiriljek Owganystan boýunça daşary işler ministrleriniň derejesindäki Ženewa maslahatynyň bu ýurtda parahatçylygy üpjün etmek babatda gün tertibini kesgitlemäge mümkinçilik bermegine ygrarlydygy berkidildi. Şeýle hem beýanatda Owganystan boýunça ykdysady sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp, 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň (RECCA VII) netijeleri goldanýar.
Şeýle hem Brýusselde geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga Türkmenistandan gatnaşyjylar kärdeşlerine 2018-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) sammitiniň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça işler barada habar berdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak hakynda başlangyjyny ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.
Türkmen-Ýewropa gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhüm şertleriniň hatarynda geljek ýyl meýilleşdirilen ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň açylmagy bolup, bu barada ministrleriň duşuşygy tamamlanandan soň, ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Federika Mogerini habar berdi.
Şol bir wagtda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýasyny işläp taýýarlamaga gös-göni gatnaşygy bolan beýleki çäreleriň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat sapary guraldy. Žurnalistlere ÝB-niň agza-döwletleriniň 28-siniň çylşyrymly guralan bileleşiginiň işiniň gurluşy bilen ýerinde tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Döwletler doly özbaşdaklygyny saklap, bilelikde ösmek boýunça öz garaýyşlaryny biri-biri bilen ylalaşýarlar. Bu tanyşlyk Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugyna, Ýewropa komissiýasyna, ÝB-niň Geňeşine, Ýewropa parlamentine baryp görmegi, dürli duşuşyklara, tanyşdyrmalara, söhbetdeşliklere we pikir alyşmalara gatnaşmagy öz içine aldy.
Metbugat saparynyň baý mazmunly gün tertibi, netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen işewür häsiýeti žurnalistleri, şol sanda türkmen habar beriş serişdeleriniň wekillerini garşy almakda açyklyk görkezilende Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň, onuň departamentleriniň we metbugat gulluklarynyň wekilleri ynamly gatnaşyklara we gepleşiklere, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny gözläp tapmaga taýýarlygyny beýan etdiler.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Ýewropa Bileleşigi hem-de ÝB-niň agza döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Bu gatnaşyklar wagtyň synagyndan geçip, häzir syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda umumy strategik wezipelere düşünilmegi netijesinde täze sepgide çykdy. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri möçberli özgertmeler, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelerini amala aşyrmagy bilelikdäki netijeli işler üçin mäkäm binýat bolup durýar.
Howpsuzlygy üpjün etmek, söwda, energetika, kanunyň hökmürowanlygy, ekologiýa we bilim, suw gorlaryny dolandyrmak ýaly ugurlar ikitaraplaýyn görnüşde we sebit derejesinde biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy düzümleri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa döwletleriniň her birine aýratyn hem-de olaryň içerki sebit gatnaşyklaryna, goşulyşmagyna, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna çekilmegine ýardam etmäge bitewi çemeleşmesini bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoly barada aýdylyp, onuň ugrunda gadymy döwürde, şeýle hem häzirki döwürde Türkmenistanyň möhüm ýagdaýy eýeläp, ulag, üstaşyr, söwda ýollarynyň merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýändigi bellenildi. Bu gün bu ýoluň ýene-de söwda-ykdysady durmuşyň özenine öwrülmegi üçin ähli şertler bolup, bu Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri onuň ugry boýunça ýokary goşulan bahasy bolan harytlary daşamakdan uly girdejileri alarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag we senagat strategiýasy hem hut şoňa gönükdirilip, onuň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanda halkara demir ýol geçelgeleriniň, awtomobil ýollarynyň, suw we howa ýollarynyň multimodal ulgamy, innowasion önümçilikler we senagat desgalary gurulýar.
Bulardan başga-da, bilim alyşmalary barada gürrüň edildi. Mysal üçin, Ýewropanyň daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Boris Ýaroşewiçiň žurnalistler bilen duşuşygynda belleýşi ýaly, bilim, hünär okuwy, ýaşlaryň medeni gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygy goldamaga gönükdirilen “Erazmus+” maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň isleglerini nazara almak bilen, sebitiň özünde talyplary we mugallymlary alyşmak işine badalga berildi.
Umuma, Ýewropa Bileleşigi dürli ugurlarda goşulyşmak işlerini ösdürmek boýunça iň gowy işleri bilen paýlaşmaga taýýardyr. Beýleki tarapdan sebitiň meselelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tejribesi gymmatly bolup, şeýle meseleleri bolan beýleki ýurtlar tarapyndan üstünlikli nusga hökmünde ulanylyp bilner. Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada suw diplomatiýasy boýunça ösüşiň gazanylmagyny şeýle mysal hökmünde ykrar edýär.
ÝB-niň Merkezi Aziýa strategiýasy garaşylyşy ýaly, 2019-njy ýylyň mart-aprel aýlarynda tanyşdyrylar. Ol strategiýany amala aşyrmagyň, şol sanda söwda syýasaty babatda amala aşyrmagyň täze gurallarynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýewrokomissiýanyň söwda boýunça Baş direktoratynyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, sebitiň ähli ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň bir bitewi ulgamynyň bolmazlygy onuň aýdyň alamaty bolup durýar. Sebäbi her bir hyzmatdaş döwlet üçin öz gatnaşyklarynyň ulgamy hereket eder. Şunuň bilen bir hatarda, sebit ÝB üçin energiýa serişdelerini ugratmagyň çeşmesi bolup durýar, şunda söwdany we eksport düzümini ösdürmegiň entek ulanylmadyk uly mümkinçilikleri hem bar.
Bu babatda Türkmenistanda çig maly gaýtadan işlemegiň çuňňurlygyny artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň we ýurduň telekeçiliginiň kuwwatlyklaryny artdyrmaga uly umyt baglanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgam üçin uly mümkinçilikler döredip, batyrgaý başlangyçlara ýol açýar hem-de türkmen işewürlerine jogapkärli we iri taslamalary tabşyrýar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklara ösüşiň oňyn energiýasyny berýän söwda ýagdaýyny gowulandyrmak meseleleri eýýäm bir aýdan – Brýusselde geçiriljek nobatdaky kollegial duşuşykda – Hyzmatdaşlyk we söwda hakynda ylalaşygyň çäklerinde “Türkmenistan — ÝB” bilelikdäki komitetiň mejlisinde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylar. Şonuň üçin Türkmenistan häzir Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň täze görnüşine işjeň goşulyp, sebitara hyzmatdaşlykda mynasyp orny eýelemäge çalyşýar hem-de munuň üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar.
Brýussel — Aşgabat.