milli goshun logo
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry
Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde parlament diplomatiýasynyň täze ugry
29.11.2022 455 Habarlar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasyna gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hormatly Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk iki dostlukly ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu bolsa Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň kanunçylyk babatdaky özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini şertlendirer.

Soňra Kim Jin-Pýo Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň diňe bir türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyna däl, eýsem, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna hem ägirt uly itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtap, bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlandygyna ünsi çekdi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler.