8-nji iýulda
Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň
wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen
paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Myhmanlar
Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän,
halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler
bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de işiniň esasy ugurlary bilen
tanyşdyryldy.
Halkara
hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri
bellenildi, munuň özi häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini tapmak
boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän
döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.
Söhbetdeşligiň
barşynda Ettore Rozato öz ýurdunyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen oňyn
hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmagyň, iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmegine ýardam berýän yzygiderli duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.