Türkmenistanyň
immunizasiýa ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ÝUNISEF tarapyndan ýokary baha
eýe boldy. 2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda, saglygy goraýyş boýunça
geçirilen halkara maslahatynyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili
hanym Kristin Weýgand Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligine Hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän Immunizasiýa boýunça milli
maksatnama arkaly durmuşa geçirilýän immunizasiýa ulgamynda gazanylan ýokary
görkezijiler üçin Şahadatnamasyny gowşurdy.
ÝUNISEF-iň
Türkmenistandaky wekili Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministri Nurmuhammet Amannepesowa Şahadatnamany gowşuran wagtynda «Biz
Türkmenistany bu ýeten belent sepgidi bilen gutlaýarys. Biz
Türkmenistanyň çagalarynyň sagdyn, oňyn we bol-elin şertlerde ýaşamagyna
gönükdirilen uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam
etdiriljekdigine ynanýarys» diýip nygtady.
«Immunizasiýa
– bu ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almak üçin
Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandyr. Biz soňky
ýyllarda ÝUNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlyk
etmek arkaly hem-de tälim geçen ýerli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri,
maşgala lukmanlary we saglyk baradaky maglumatlary KHBS arkaly ýaýartmagyň
netijesinde umumy habarlylygy ýokarlandyrdyk» - diýip N.Amannepesow
nygtady.
Türkmenistanyň
Hökümeti 2001-nji ýyldan başlap sanjymlary, zerur bolan serişdeleri we
enjamlary ÝUNISEF-iň üsti bilen öz serişdeleriniň hasabyna satyn alýar.
Şeýle hem, Hökümet sanjymlary geçirmek boýunça ýokary görkezijelere ýetmek üçin
zerur bolan enjamlaryň we işgärleriň üpjünçiligini amala aşyrýar. 2016-2020-nji
ýyllar aralygynda, Hökümet has köp ýaýran keselleriň öňüni almak üçin zerur
bolan sanjymlar satyn almak maksady bilen 40 million ABŞ dollaryny sarp etdi.
Ýaňy-ýakynda, Hökümet rotawirus, pnewmokkok keselleri we A gepatitine
garşy ýene-de üç sany sanjym üçin goşmaça 17 million ABŞ dollaryny sarp
etdi.