19.10.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistan Halkara harby sport geňeşiniň agzasy boldy
Türkmenistan Halkara harby sport geňeşiniň agzasy boldy
25.04.2018 605 Habarlar | Sport

2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynda Halkara harby sport geňeşiniň 73-nji Baş assambleýasy we Kongresi geçirildi. Bu dünýä ähmiýetli çärede Türkmenistanyň HHSG-niň agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli resmi dabara boldy. Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Şeýlelikde, Türkmenistan «Sport üsti dostluk» şygary astynda hereket edip, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakda aýratyn goşant goşýan Halkara harby sport geňeşi guramasynyň 138-nji agzasy boldy.

Halkara ülňülerine laýyk gelýän sport binýady bolan Türkmenistan iri halkara ýaryşlary geçirmegiň baý tejribesine eýe boldy. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi Türkmenistany öz çäginde giň gerimli halkara sport çärelerini geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edýär.

Dürli halkara sport ýaryşlarynda gazanylan medallaryň we baýrakly orunlaryň aglabasy ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň paýyna düşmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň harby gullukçylary Watan goragynda durmak bilen bir hatarda sport ýaryşlaryndaky üstünlikleriniň hem yzyny üzmeýärler.

Bu nukdaýnazardan gelip çykyşy ýaly, Halkara harby sport geňeşine Türkmenistanyň agza bolup goşulmagy harby gullukçylarymyzy Geňeşiň howandarlygynda geçýän ýaryşlara gatnaşmak üçin beden taýýarlygyny berkitmäge jany-teni bilen ýapyşmaga, şol sanda halkara sport dostlugyny pugtalandyrmaga ruhlandyrar.