milli goshun logo
Türkmenistan – Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Türkmenistan – Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
13.03.2019 650 Habarlar

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi. Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy» atly arheologik sergä bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, GFR-iň uniwersitetleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu sergi Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde guraldy, 9-njy martda bolsa Mangeým şäherindäki Raýs – Engelhorn muzeýinde açyldy. Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň – Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi.

Duşuşykda Margianany tutuş dünýä açyp görkezen alymyň ady uly mähir bilen ýatlanyp geçildi. «Biziň ýurdumyzda hemmeler Sarianidini tanaýar. Ol türkmen topragynda altmyş ýylyň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, biziň gadymy geçmişimiziň täze sahypalaryny açdy. Bu alym ýönekeý adamlaryň uly hormat-sarpasyna we döwletimiziň ykrar etmegine mynasyp boldy, biz onuň hyzmatlaryny birnäçe gezek ýokary döwlet sylaglary bilen belledik. Arheologiýa ýurdumyzda ylmyň geljegi uly ugurlarynyň biridir, şunda zehinli barlagçylaryň täze nesilleri üçin uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilikler bar. Şonuň üçin hem Wiktor Iwanowiç Sarianidi ýaly zehinli adamlaryň öz şägirtlerine bilimlerini we tejribelerini bermegi örän möhümdir» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde belledi.

Medeni maksatnamada wekiliýetiň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere, Seýit Jemaletdin taryhy ýadygärligine hem-de «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar.