milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
16 sagat öň 21 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

...Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy.

Bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi hormatly Prezidentimize sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyran waka boldy. Döwlet Baştutanymyz hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz howa menzilinden awtoulagda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna deň bolan karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady. Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabaralary mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň Balkan welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň hem-de Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşylýandygyny, şeýle hem Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilýändigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary täze desgalary ulanmaga bermek we düýbüni tutmak dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulýan täze karbamid öndürýän toplum hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» we Türkiýäniň «Gap Inşaat» kompaniýalarynyň konsorsiumy ýerine ýetirer. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň tonna, ýylda bolsa 660 müň tonna ammiak öndüriler we ol çig mal hökmünde karbamid önümçiliginde peýdalanylar. Umuman, kärhanada bir gije-gündiziň dowamynda 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler. Bu döwrebap kärhanada öndüriljek dökünler daşary ýurtlara hem eksport ediler. Täze kärhanada müňden gowrak täze iş orny dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler.

Ine, bu gün bolsa biz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsini ulanmaga berýäris. Bu taslamany türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan bu döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metr, ini bolsa 21 metrdir. Şeýle hem şu gün biz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbüni tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we umumy uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap ýolda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli şertleriň dörediljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň hem dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýändigini aýdyp, deňiz suwuny arassalaýjy bu desganyň Ýewropa döwletleriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny nygtady.

Umuman, ýurdumyzyň Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Balkan welaýatynyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Gyzylarbat etrabynda döwrebap obanyň, häzirki zaman köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekde-de Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra alypbaryjy hormatly Prezidentimizden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna başlamaga rugsat bermegini haýyş etdi. Şol pursatda agyz suwuny arassalaýjy desganyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi.

Soňra Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desganyň hünärmeni sanly ulgam arkaly çykyş edip, ulanyşa girizilýän täze desganyň diňe bir arassa agyz suw üpjünçiliginiň binýadyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygynyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, pudagyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza döredip berýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra hünärmen döwlet Baştutanymyzdan bu möhüm desgany işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze agyz suwuny arassalaýjy desgany işe girizmäge ak pata berdi. Soňra bu desga barada ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi.

8 gektar meýdanda ýerleşýän, Ýewropanyň ýokary hilli tehnologiýalary ornaşdyrylan, deňiz suwundan bir gije-gündiziň dowamynda 20 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge ukyply bolan bu täze suw desgasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Soňra dabara sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyşy bilen dowam etdi.

Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi hem-de Balkan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata berdi.

Hormatly ýaşulular we mährem eneler täze awtomobil köprüsiniň işe girizilýändiginiň nyşany hökmünde toý bagyny kesdiler. Şol pursat täze köpriniň üstünde ýörite taýýarlanan ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi. Soňra köpriniň mümkinçilikleri baradaky wideofilme tomaşa edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 16-njy iýunyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini gurmak hakynda Kararyna laýyklykda gurlan, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň ugrunda ýerleşýän we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň umumy uzynlygy 354 metre deňdir. Iki gatnawly we iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň ini 21 metr bolup, oňa eltiji ýollaryň umumy uzynlygy 2 müň metre deňdir.

Bu döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirer. Şonuň ýaly-da, ol Eýrany, Türkmenistany we Gazagystany özara birleşdirýän Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegidir. Täze awtomobil köprüsi ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, goňşy döwletleriň arasynda söwda-haryt dolanyşygyny, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň gerimini giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem bu ugur Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat eder.

Soňra dabara karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň düýbüniň tutulýan ýerinde dowam etdi.

Çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Türkiýeli işewür Türkmenistanyň gysga wagtyň içinde dünýäniň senagat taýdan çalt depginlerde ösýän döwletleriniň birine öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzda himiýa senagatynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ilkinji nobatda, ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna we mineral dökünleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi esasynda gurluşygyna badalga beriljek karbamid öndürýän toplumyň hem tebigy gazdan karbamid döküniniň önümçiliginde örän uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi.

Soňra «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Eisaku Ito çykyş edip, ilki bilen, Türkmenistanda täze karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi. Eisaku Ito ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň 2018-nji ýylda Türkiýäniň “GAP Inşaat” we “Mitsubishi Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde Garabogazda karbamid öndürýän zawody gurandygyny, şu günki düýbi tutuljak karbamid öndürýän toplumyň gurluşygyny hem «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň «GAP Inşaat» kompaniýasy bilen bilelikde ýerine ýetirjekdigini aýdyp, munuň Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän täze toplum barada taýýarlanan wideofilm görkezildi. Karbamid öndürjek toplumyň gurluşygy Türkiýäniň «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» we Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň tehnologiýasy we tilsimatlary, ýagny ammiak önümçiligi Daniýanyň «Topsoe» kompaniýasy, karbamid sintezi Italiýanyň «Saipem», digirlenen karbamid önümçiligi Germaniýanyň «ThyssenKrupp», kömürturşy gazyny gaýtadan önümçilige iberýän tehnologiýasy bolsa Ýaponiýanyň «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Toplumda öndürilen önümleri dünýä bazaryna çykarmak üçin anyk işler durmuşa geçiriler. Hususan-da, täze toplumyň taýýar önümlerini eksport ýollary arkaly daşamak üçin Gyýanly gämi duralgasyny abatlamak, bar bolan demir ýoly täze topluma çenli uzaltmak, bu toplumy Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu işler senagat önümleriniň eksportynyň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Soňra hormatly Prezidentimiz karbamid öndürýän toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz bölegi barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Bu döwrebap awtomobil ýoly jemi 4 sany hereket zolagyndan ybarat bolar. Onuň ýer düşeginiň giňligi 27,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 7,5 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabar bolar. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite beton ýol çäkleri arkaly bölüner. Ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, onuň iki tarapynda hem päsgelçilik gorag germewleri gurnalar. Jemi uzynlygy 207 kilometr bolan bu döwrebap awtomobil ýoly Türkmenbaşy şäherinden başlap, Garabogazköl aýlagynyň täze awtomobil köprüsiniň üsti bilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň golaýynda guruljak aýlawly çatryga çenli aralykdaky menzili öz içine alar. Bu aýlawly çatrykdan hem Gazagystan bilen araçäkdäki döwlet serhedine çenli barar.

Ýoluň hil derejesi dürli gatlardan ybarat bolan döwrebap usullar arkaly üpjün ediler. Tekizlenip, basgylanan toprak gatlagynyň üstünden geotekstil, 30 santimetr galyňlykdaky iri däneli çagyl-çäge garyndysy, 20 santimetr galyňlykdaky ownuk däneli çagyl-çäge garyndysy, 8 santimetr galyňlykdaky öýjükli iri däneli gyzgyn asfalt-beton, 7 santimetr galyňlykdaky dykyz, iri däneli gyzgyn asfalt-beton we jemleýji gatlak hökmünde 5 santimetr galyňlykdaky dykyz, ownuk däneli, gyzgyn asfalt-beton ýazylyp, basgylanar. Bir sagatda 580, 24 sagadyň dowamynda 14 müň sany awtoulaga hyzmat etjek bu häzirki zaman awtoulag ýolunyň ugrunda 8 sany awtobus duralgasynyň, awtoduralga meýdançalarynyň, ýangyç guýujy beketleriň we durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary hem göz öňünde tutulýar. Awtomobil ýolunyň giriş we çykyş nokatlary maglumat gorly serweri bolan döwrebap wideogözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyk-taslama işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatynyň artmagyna we halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrülmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz bu şanly waka — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.

Milli lybasly, eli pilli oglan hormatly Prezidentimizden karbamid öndürýän täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljek ýerine ugrady.

Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz gurluşyk işlerinde ulanyljak tehnikalar bilen tanyşdy. Bu tehnikalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, göz öňünde tutulan gurluşyklary üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi hem-de sowgatlary gowşurdy.

Bu ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

***

Şu gün «Awaza» sport toplumynyň çäginde ýörite gurnalan göçme sadaka jaýynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda geçirilen dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.

Şeýlelikde, Esenguly etrabynda agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi, Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrdy.