Ady rowaýata öwrülen belarus şäheri XIV Halkara
mediaforuma gatnaşyjylaryň 250-ä golaýyny mähirli garşylady. Olar dünýäniň 24
ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan esasy habar beriş serişdelerine – habarlar
agentliklerine, tele we radio ýaýlymlaryna, sebit neşirlerine, bilermenler
jemgyýetine wekilçilik edýärler.
«Geljegiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly forum on
dördünji gezek Belarus Respublikasynda geçirilýär. Bu ýyl media ulgamynyň
ussatlarynyň duşuşygy «Žurnalistika we jemgyýetiň durmuş goraglylygy» atly
mesele bagyşlandy.
Foruma gatnaşyjylar onuň resmi taýdan açylyş
dabarasyna çenli «Ýeňilmedik Belarus», «2019 – kiçi watanyň ýyly hem-de
Belarusuň nemes faşistik basybalyjylardan azat edilmeginiň 75 ýyllygy» atly
fotosuratlaryň sergileri bilen tanyşdylar. Watan goragçylarynyň edermenligi
barada gürrüň berýän ak-gara suratlaryň sergisi forumyň maksadynda jemlenen
esasy pikiri kesgitledi.
Žurnalistikanyň tomusky mekdebi forumyň däbine
öwrüldi – onuň meýdançalarynda belli žurnalistler 24-nji maýda häzirki maglumat
tehnologiýalary boýunça ussatlyk sapaklaryny bererler.