milli goshun logo
Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär
29.01.2019 694 Habarlar

28-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

Medeniýet ministrliginde geçirilen duşuşykda Aşgabatda Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iki günlük maslahatyň deslapky maksatnamasyna garaldy. Onuň dowamynda däp bolan «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.

Myhmanlar GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesine örän jogapkärli we işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berildi.