Düýn – 22-nji aprelde Gazagystan Respublikasyna dostlukly saparynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew «SPK TURKISTAN» senagat parkyna baryp, bu ýerde öndürilýän dürli önümler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän sergi bilen tanyşdylar.
Açyk meýdançada ýeňil awtoulaglar, traktorlar, kombaýnlar, awtobuslar, şeýle hem olaryň ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk, oba hojalygy, ulag pudaklary üçin niýetlenen senagat önümleriniň nusgalary, gaýtadan işleýän senagatyň harytlary, kompýuter we durmuş tehnikasy görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, bu iri senagat meýdançasy sebitleýin maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilýän ýeri bolup durýar. Senagat parkyny döretmegiň maksady sazlaşykly önümçilik gurşawyny döretmekden, ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.