1-nji awgustda
paýtagtymyzda «Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde halkara
hyzmatdaşlygyň ähmiýeti» atly halkara duşuşyk geçirildi.
Forumyň işine
Türkmenistanyň käbir edaralarynyň, şol sanda energetika, daşary işler, bilim,
oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem bu çärä Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara
agentligiň (IRENA), ÝHHG-niň, BMG-niň, Ösüş maksatnamasynyň we Bütindünýä
bankynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Duşuşyga
gatnaşyjylaryň çykyşlary 2030-njy ýyla çenli Türkmenistan üçin gaýtadan
dikeldilýän energiýanyň Ösüş meýilnamasynyň işlenilip düzülmegine, ýurdumyzda
bu pudagyň ösüşiniň mümkinçilikleri hakyndaky hasabatyň taýýarlanylmagyna,
şeýle hem halkara guramalary we we donorlary bilen bilelikde gaýtadan
dikeldilýän energiýa (GDE) ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
bagyşlandy. Şeýle hem GDE-ni ösdürmek işiniň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny
ösdürmegiň hem-de oňa hususy pudagyň çekilmeginiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.