15-nji aprelda
paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady
hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi
geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky
wezipelere garaldy.
Şunuň bilen
baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary
Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki
ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň
we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Toparyň agzalary
ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň
netijelerine oňyn baha berip, birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary
işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlise
gatnaşyjylar netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge
ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurlar boýunça tagallalary
utgaşdyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda,
iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň wajypdygy
nygtaldy. Munuň özi bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam
berer.
Ýola goýlan
gatnaşyklaryň netijelidigine ýurdumyzda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň —
«Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp
barýan üstünlikli işleri şaýatlyk edýär.
Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.