8-nji noýabrda
geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer
Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, Türkmenistanyň «EKSPO — 2020»
Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer
häzirki wagtda ählumumy forumda ýurdumyza wekilçilik etjek bölümiň işiniň
ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen anyk çäreleriň
görülýändigini habar berdi.
Häzirki wagtda
degişli düzümler bilen zerur resminamalar ylalaşyldy we gurluşyk-gurnama işleri
başlandy. Iki gatly binada diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanan
üstünliklerini däl, eýsem, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýdyň
görkezmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň «EKSPO
— 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksadynyň häzirki döwürde
ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, beýleki
döwletler bilen daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekden ybaratdygyny
belledi.