Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň
golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde
üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň birnäçesiniň barşynda ele salnan neşe
serişdelerini, psihotrop maddalary, ýasama temmäki önümlerini ýok etmek boýunça
nobatdaky çäre geçirildi.
Ýurdumyzyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de
Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan çärä harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döwletimizde işleýän
daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de esasy halkara guramalaryň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we
ýaşlar gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe serişdeleri görkezilip,
soňra olar howply önüm gaplanan haltalary ýörite peçlere okladylar. Şunda
howply serişdeleri ýakyp ýok etmek işi bellenilen düzgünlere laýyklykda, hukuk
goraýjy edaralaryň işgärleriniň we ygtyýarly bilermenleriň gözegçilik etmeginde
geçirildi.
Dekabryň başynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly
Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde hem tutuş
adamzat üçin örän howply bolan döwrüň wehimine garşy durmaga, neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz
göreşmäge döwletimiziň hem-de tutuş jemgyýetimiziň pugta ygrarlydygy barada
gürrüň edildi.
Milli Liderimiz neşe serişdeleriniň söwdasy hem-de olary
ýaýratmak bilen meşgullanyp, tussag edilen adamlar, olaryň garşysyna jenaýat
işiniň gozgalandygy baradaky hasabaty diňläp, jemgyýetimizde neşekeşlige orun
bolmaly däldigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ýagdaýlaryň düýp-teýkary bilen
öňüniň alynmalydygyny belläp, şunuň ýaly düzgün bozmalara garşy barlyşyksyz
göreş alyp barmagy talap etdi.
— Biz neşekeşlik we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy
ýaly, dünýä möçberindäki howpa garşy hereket edilmegini hemişe ösdürmelidiris.
Neşe söwdasy ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup durýar, şoňa
görä-de, şeýle işe baş goşan adamlaryň ählisi berk jeza çekmelidir diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreş alyp
barmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry hökmünde kesgitlän
Türkmenistan häzir köp ýurtlar üçin mynasyp nusga bolup hyzmat edip biler.
Bu işlerde sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek,
bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamanyň döwlet tarapyndan goldanylmagy
örän uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap stadionlar,
bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary we howuzlary bolan mekdepler
gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar.
Köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketiniň, ýokary netijeli sportuň,
Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegi netijesinde 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk
binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýokary derejede geçirildi.
Şu ýyl bolsa Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş
we ýeňil atletika ylgaw ýaryşynyň, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň,
şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete
eýe boldy. Ýurdumyzyň sport durmuşyndaky bu ähmiýetli wakalaryň ählisi
sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň üstünliklerini we
gazananlaryny dünýä görkezdi.
Neşe serişdelerini, psihotrop maddalary, kontrabanda temmäki
önümlerini ýok etmek boýunça Bagabatda geçirilen bu çäräniň ahyrynda oňa
gatnaşyjylar türkmen tarapynyň bu asylly başlangyjyna goşulyşmaga döredilen
mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu başlangyç ählumumy howplara hem-de döwrüň
wehimlerine garşy göreşmekde örän uly ähmiýete eýedir.