milli goshun logo
Türkmenistan Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
Türkmenistan Demirgazyk Afrika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
08.02.2019 859 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, 2019-njy ýylyň 7–9-njy fewraly aralygynda Tunis Respublikasynyň Tunis şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän, parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de netijeli medeni–ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk we diplomatik işi Bitarap Türkmenistanyň 2017–2023-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň Konsepsiýasynda kesgitlenen strategik ugurlaryň ikisi boýunça amala aşyrylýar. Şolar daşary ýurt döwletleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan we halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyk etmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edip başlandygyny, Afrika Bileleşigi hem-de Demirgazyk we Günbatar Afrikanyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ýola goýýandygyny nazara almak bilen, bu hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýtmak bolar.

Şu günlerde göz öňünde tutulan duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Tunis Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmagy meýilleşdirilýär.