Şu gün hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başyny
başlamagy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
tassyklanan baýramy bolan – Bütindünýä welosiped güni mähriban Watanymyzda uludan
bellenilýär. Indi dünýäniň müňlerçe adamlary ýylyň-ýylyna bu baýramda
meýletinlikde welosipedli ýörişe çykýarlar. Bu asylly başlangyçlar ilki bilen
adam saglygynyň, soňra bolsa daşky gurşawy arassalygyny gorap saklamagyň baş
aladasy bolup durýar.
Sagdynlygyň we
ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistanda bu baýramçylyk aýratyn ähmiýete
eýedir. Watanymyzyň dürli künjeklerinde geçirilen birnäçe köpçülikleýin sport
çäreleri munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Köp adamly welosipedli ýöriş
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
Harby institutynda hem geçirildi.
Harby
talyplaryň we Ýaragly Güýçlerimiziň esgerleriniň ýüzlerçesi bu ýokary okuw jaýynyň
çäginde ýerleşýän sport meýdançasynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen
sport çäresine gatnaşdylar. Welosipedli harby gullukçylaryň meýdançada döreden
ajaýyp sazlaşygy görenlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Bulardan başga-da,
dabaraly sport çäresinde harby gullukçy türgenleriň sportuň dürli
görnüşlerinden taýýarlan görkezme çykyşlaryna orun berildi.
Biziň
ýurdumyzda welosportuň ýaýbaňlanmagy ekologiki taýdan zyýansyz ulag bolan
welosipediň awtoulaglaryň ýerine esasy ulag hökmünde ulanylmagyna getirdi.
Ýagny, paýtagtymyzda we beýleki uly şäherlerimizde awtoulagyň ýerine welosipedi
saýlaýan adamlaryň sany artdy. Bu ýagdaýa adaty günlerde hem, ýolda-yzda tigir
sürüp barýan adamlary görenimizde özümizem şaýat bolýarys.
Alymlar welosiped
daşky gurşawa zyýan getirmeýän we ömrüňi uzaldýan ýagty gelejegiň ulagy diýip belleýärler.
Welosiped sürmegiň saglygyňa uly peýda getirýänligini olar birnäçe gezek ylmy
barlaglar bilen subut etdi.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde tassyklanan Bütindünýä
welosiped güni, welosiped ulanýanlaryň sanyny bütin ýer şarynda artdyrar. Jemläp
aýtsak, Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden bu Rezolýusiýasy
Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça amala aşyrylýan uly
işlere goşant goşup, biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň
subutnamasydyr. «Multimediýa»
«Milli goşun».