18-nji
noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda BMG-niň Merkezi Aziýanyň
ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) başlyklyk etmeginiň
çäklerinde «SPEKA günlerine» badalga berildi. Duşuşygyň esasy wakasy
ýurdumyzyň başlangyjy esasynda söwda syýasaty boýunça «tegelek stoluň» başynda
ýokary derejedäki duşuşygy geçirmekden hem-de durnukly ulag we söwda boýunça iş
toparlarynyň mejlisini guramakdan ybaratdyr.
«SPEKA»
sebitinde söwda işiniň ýönekeýleşdirilmegi hakynda Bütindünýä söwda guramasynyň
ylalaşygyny durmuşa geçirmek: «Merkezi Aziýa köptaraply söwda ulgamynda» atly
mowzuk esasynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen foruma Azerbaýjan,
Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan
ýaly maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
BMG-niň
Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Bütindünýä söwda guramasy we ýurdumyzyň
hökümeti bilen hyzmatdaşlykda guran «tegelek stoluň» başynda geçirilen pikir
alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan halkara ykdysady
gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda pudagyndaky hyzmatdaşlygyň
möhüm meselelerine aýratyn üns berildi.