11-nji maýda BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilen
iş duşuşygynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket
etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2020
— 2024-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Bu çärä
DIM-niň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, BMG-niň ýurdumyzda
işleýän düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň
barşynda seredilen Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy orta möhletleýin
strategiýadan gelip çykýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk
ädimleri kesgitlemek maksady bilen taýýarlanyldy. Resminamada migrasiýa, serhet
gözegçiligi, internet, terrorçylygy maliýeleşdirmek, durmuş-ykdysady we syýasy,
şeýle hem adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy ýaly derwaýys ugurlar beýan edildi.
Ýygnananlar
duşuşygyň ahyrynda degişli milli düzümleriň hem-de halkara guramalarynyň
arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.