milli goshun logo
Türkmenistan BMG-niň ýene iki düzüminiň agzalygyna saýlanyldy
Türkmenistan BMG-niň ýene iki düzüminiň agzalygyna saýlanyldy
23.04.2020 1034 Habarlar

BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene iki düzüminiň – Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021-2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy baradaky nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň ýokary netijeliliginiň dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň, ýurdumyza ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem bu mysal ýurdumyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän hem-de Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna beslenýän ýylynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň üstünliklere rowaçlanýandygynyň ýene bir beýanydyr.

Türkmenistan işjeň «açyk gapylar» syýasatyny hem-de hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgesine laýyklykda hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, BMG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz geljekde hem Milletler Bileleşiginde öz üstüne ýüklenilen jogapkärli wezipäni mynasyp derejede ýerine ýetirip, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berer, özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine gönükdirer.